- ätmek
- işlik1) Öňe aýak basmak, gitmek, ýöremek.∙ Olar haýallyk bilen agras ädip, sürüniň yzyndan ugradylar. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)∙ Dur aýagyňy ätme, goý, iýsin! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)2) seret ätlemek∙ Günden-güne güýçli bolup, ýeňiş bilen öňe ätdiň. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem ätmek - ädýär, äder, ädipdir.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.